DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Katardaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýha ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde Katar tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Related posts

Türkmenistanyň deputatlary üçin okuw maslahaty

Dünýäniň iň gysga boýly adamy

Ata Watan Eserleri

Abdel Fattah Al Sisi: netijeli müsür-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdüreris

Leave a Comment