DÜNÝÄ

Türkmen ilçisi Polşanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň “Belweder” köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan aýdylan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi sorady.

9-njy iýuldaky howa maglumaty

 

 

 

Ýene-de okaň

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri