DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaýa boljak sapary

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda aýdylýar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

HHR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hytaý tarapynyň ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda taraplar energiýa, söwda, ulag we beýleki ulgamlarda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýokary depginini nygtadylar.

Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaýa boljak sapary bilen bagly meseleleriň birnäçesine seretdiler. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Sian şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Hytaý» Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işler barada hem-de iki döwletiň Daşary işler ministrleri derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek babatda pikir alşyldy.

Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek boýunça maglumatlar

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar