Türkmenıstanyň hökümet wekiliýeti Peterburg halkara ykdysady forumy 2021-e gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy.

Saparyň esasy maksady 24-nji Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybarat. Halkara möçberli bu hökümet çäre dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we dünýäniň öňdebaryjy telekeçilerini bir ýere jemledi.

Forumyň tematiki mejlisinde çykyş etmek bilen, S.G.Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin köpmeýilli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen tarapyndan başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Rus tarapyndan başlygy A.L.Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň we onuň usullarynyň ähmiýeti nygtaldy. Ulag, energiýa, senagat, sanlylaşdyrmak, saglygy goraýyş, maliýe we beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda dolanyşygyň möçberiniň durnukly ösüşi bellenildi.

Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Şeýle-de S.G.Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen giň gerim boýunça hyzmatdaşlygynyň netijeliligini beýan etdiler. Türkmen wekiliýetiniň baştutany S.G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň işjeň gatnaşýan Peterburg Halkara ykdysady forumynyň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýurtda amatly maýa goýum şertlerini döretmäge ygrarlydygy nygtalyp geçildi hem-de onuň ösýän ulag-logistika infrastrukturasynyň mümkinçilikleri şöhlelendirildi. Türkmenistany Sankt-Peterburg bilen dostluk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklaryň baglaşdyrýandygy bellenildi.

Şeýle-de forumyň çäklerinde S.G.Berdimuhamedow «Объединенная судостроительная корпорация» (Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy) paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory A.L.Rahmanow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda özüniň ulag ulgamyny dünýäniň ulag toruna birleşdirmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi nygtaldy. Häzirki zaman deňiz söwda flotyny döretmek bilen bir hatarda, Türkmenistan deňiz we derýa ulaglary ulgamyny kämilleşdirmäge ymtylýar. Şu nukdaýnazardan, agzalan ugurda baý iş tejribä eýe bolan “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça türkmen tarapynyň gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň birnäçe rus korporasiýalary, maliýe we bank edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.

 

Türkiýe Gara deňizde tebigy gaz goruny tapdy

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady
ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar