DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy welosiped ýörişini gurady

Şu gün Türkmenistan bilen bir hatarda tutuş dünýä 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped gününi belleýär. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk gulluklary hem köpçülikleýin welosiped ýörişlerini guraýar. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy we  Baş konsullygy geçirdi.

2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Tähran şäherindäki Çitgar seýilgähinde Ilçihananyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň we ýerli raýatlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady.

Ilçihana, bu çärä gatnaşandyklary hem-de bedenterbiýe, saglyk we sport hereketiniň ösmegine, jemgyýetiň ekologiki medeniýetiniň ösdürilmegine goşant goşandyklary üçin hormatly gatnaşyjylara we raýatlarymyza minnetdarlyk bildirýär.

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda bütin dünýäde giňden bellenilip geçilýär.

 

Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsullygy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy