BIZNES

Türkmenistanyň “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky” Kanuny güýje girdi

Türkmenistanyň telekeçileri 8-nji iýunda resmi taýdan güýje giren “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky” Kanunyň çäginde döwlet bilen gyzyklanmalar we töwekgelçilikler deňagramlylygynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge başladylar.

Täze Kanuna laýyklykda, döwlet-hususy taslamasy durmuşa geçirilende hususy firmalar dürli görnüşli döwlet maliýe goldawyny alyp bilerler. Ol subsidiýa, aktiwler we emläk görnüşindäki goýumlar, taslamanyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň Döwlet býujetiniň hasabyna üpjün edilýän tölegler görnüşinde berlip biler.

Döwlet býujetinden hususy hyzmatdaşlara býujet ssudalary, nesýeleri, grantlary we karzlary bermek üçin pul bölünip bilner. Şeýle hem olar, Türkmenistanyň döwlet kepilliklerinden, salgyt we beýleki ýeňilliklerinden peýdalanyp bilerler.

Döwlet edarasy, hususy başyny başlaýjy tarapyndan taýýarlanan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny alandan soň, bir aýyň dowamynda onuň amala aşyrylmagyny makullamak ýa-da ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmelidir.

Taslama tassyklanan halatynda, ygtyýarly edara başga-da hususy firmalaryň gatnaşmaga dalaş etmekleri üçin ony özüniň resmi web-saýtynda ýerleşdirmelidir. Taslama bazaryň başga oýunçylary hem gyzyklanma bildiren ýagdaýynda, onuň gatnaşyjylary bäsleşigiň çäginde kesgitlenýär we bäsleşigiň ýeňijisi döwlet edarasy bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmaga mümkinçilik gazanýar.

Döwlet-hususy taslamasynyň konsepsiýasy, birnäçe ölçeglere gabat gelmelidir, şol sanda bar bolan durmuş-ykdysady we önümçilik meselelerini çözmekde innowasiýa çemeleşmesini öz içine alyp, taraplar üçin makul bolan deňagramlylykly bähbidi üpjün etmelidir.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

Türkmenistan bilen ÝHHG hyzmatdaşlygy ösdüriler

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

Yrak türkmen gazy üçin Dubaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler