DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 5 strategik ugry

Düýn — 2-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň halkara düzümleriň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de işjeň ösdürilýändigini, birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldamakda ýurtlarymyzyň arasynda oňyn tejribäniň toplanandygyny aýratyn belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz hindistanly kärdeşini ýurdumyzyň geljek onýyllyklarda alyp barjak daşary syýasatynyň bäş strategik ugry bilen gysgaça tanyşdyrdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. 

Birinji ugur — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek. Biziň maksadymyz ýakyn geljekde Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk zolaklarda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň sazlaşykly, bölünmeýän we gyşarnyksyz ulgamyny döretmek bolup durýar.

Ikinji ugur Bitaraplygy dünýä giňişliginde ösdürmekdir we öňe sürmekdir.

Üçünji ugur daşary-ykdysady gatnaşyklary gyşarnyksyz artdyrmakdyr we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekdir.

Dördünji ugur durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn goldaw bermekdir.

Bäşinji ugur halkara gatnaşyklara ynsanperwer häsiýet bermäge, oňa päk ahlaklylygyň, ak ýürekliligiň we adalatlylygyň ýokary ölçeglerini girizmäge ýardam bermekdir.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işleriniň esasy bolup durýar. Onuň häzirki döwürde bütin dünýäde ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy aýdyň ýüze çykýar.

 

«TOPH taslamasyny bellenen möhletlerde tamamlamak üçin birleşen tagallalar zerurdyr»

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli brifing geçirildi

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi

Türkmenistanyň wekiliýeti “Global Gateway 2025” ikinji forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary bilen duşuşdy