BILIM

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr.

Bular barada Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogyýew we Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa bilen geçiren wideoduşuşyklarynda aýdyldy ― diýip, SNG.Today habar berýär.

Şeýle hem duşuşyklaryň barşynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek baradaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar alymlaryň alyş-çalşynyň geljegi barada hem pikir alyşdylar. Ýokarda agzalan maksatnamalaryň ikinjisi boýunça türkmenistanly talyplara talyp hakyny tölemek hem meýilleşdirilýär.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler