SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa: 3 günde 2 ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu ýörite uçar gatnawy 3 günüň dowamynda 2-nji ýörite gatnaw boldy. Ýagny 28-nji iýulda hem gatnaw amala aşyrylypdy.

30-njy iýuldaky Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawy bilen 175 adam Moskwa şäherine gitdi. Iki gün mundan ozalky gatnawdan 172 adam peýdalanypdy.

Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri 17-nji ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Russiýanyň ilçihanasynyň resmi sahypasyndaky habara görä, Russiýanyň ilçihanasy Türkmenabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy üçin Aşgabat-Türkmenabat ugry boýunça hem amala aşyran goşmaça sapary üçin “Türkmenistan” awiakompaniýasyna minnetdarlyk bildirdi.

Siz şeýle habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler