DÜNÝÄ

Türkmenistandan Nikaragua gutlag haty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Hose Daniel Ortega Saawedra we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz Gutlagynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ösüşe we abadançylyga gönükdirilendigini, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Hose Daniel Ortega Saawedra berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Nikaragua Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Mary şäherinde täze binalar ulanmaga berildi

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi