DÜNÝÄ

Türkmenistandan Hytaýa gynanç

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Henan welaýatynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde, köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeler hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Hytaýda güýçli çagba ýagyşlary zerarly suw joşgunlary emele geldi. Onuň netijesinde, köp sanly adma aradan çykyp, uly weýrançylyklar emele geldi.

Käbir maglumatlara görä, suw joşgunlarynyň ýetiren ykdysady zyýany 65 milliard ýuana deň boldy. Ýurduň Henan welaýatynyň Çžençžou şäheri bu suw joşgunlaryndan köp tasirlendi. Şäheriň uly metrosy öz işini togtatdy.

Türkmenistan Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy