SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasy ugry boýunça birnäçe ýörite gatnawlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Awiakompaniýa Belarus ugry boýunça göz öňünde tutulan ýörite gatnawynyň ilkinjisini 30-njy iýulda amala aşyrar.

Alnan maglumatlara görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat — Minsk — Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 18-nji iýulynda Minsk ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetiripdi.

 

“Ata Watan Dünýäde-2022”: WaÅŸingtona onlaýn syýahat

Related posts

Russiýa wiza üçin ynanç haty

Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada awiapetekler onlaýn satuwa çykdy

Hytaý serhetdäki karantin çäklendirmelerini ýatyrdy