BILIM

Türkmenistandan 9 ýokary okuw mekdebi halkara sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri soňky ýyllarda halkara sanawlarda hem öz ornuny tapyp başlady. Her ýyl ýurdumyzdan şeýle sanawa girýän ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar.  Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny bellenilýän gününde, The Times Higher Education World University Rankings 2024 sanawy neşir edildi.

Bu sanawa dünýäniň 108 döwletinden 1904 ýokary okuw mekdebi girdi. Şonda ýurdumyzdan 9 sany ýokary okuw mekdebi sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi.  Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara ýokary okuw mekdepleriniň sanawy düzülende İThe Times Higher Education World University Rankings 2024İ maglumatnamasynyň esas alynýandygyny hasaba alyp, bu sanaw baradaky aýratyn habary saýtymyza ýerleşdireris.

Häzir bolsa, Size ýurdumyzyň halkara sanawa giren ýokary okuw mekdeplerini sanawyny ýetirýäris.

 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

 

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

 

 

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

 

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler