BIZNES

Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndürilýär

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.

“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik berýär.

Umuman, ýurdumyzda sement önümçiligi üçin köp sanly maýa goýumlar özleşdirilip, iri sement zawodlary gurlup ulanmaga berildi.

 

Türkmenistan daşary ýurt karz serişdelerini gaýtardy

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalar

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda Azerbaýjanda öndürilen önümleriň onlaýn satuwy başlandy

2025-nji ýylda Türkmenistanda 3000 täze iş orny dörediler

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi