JEMGYÝET

Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi

Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.  Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Şu ýylyň ýaz paslynda 620 müň gektara gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun”, “149 F”, “Gubadag-3”, “C-2606” hem-de inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşleri ekildi. Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 1 müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-si ulanylar.

Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, ýörite uçarlar hem ulanylar.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 122-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

 

 

Türkmenistan Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar