BIZNES

Türkmenistanda öndürilen mekdep partalary Gazagystanyň mekdeplerini bezeýär

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Aýbölek» mebel kärhanasynyň goňşy Gazagystan Respublikasyna mekdep partalaryny eksport etdi. Bu barada “Watan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Türkmen kärhanasyna ilkinji gezek şeýle jogapkärli wezipäniň, ýagny goňşy döwletiň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda täze ulanyşa beriljek 720 orunlyk döwrebap orta mekdebi okuw partalary bilen üpjün etmegiň tabşyrylmagy milli önümlerimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen ylalaşylan tertibe görä, ähli bellenilen kadalaryň ýerine ýetirilmegi esasynda mebel kärhanasynyň sargyt edilen önümleriniň ilkinji tapgyry goňşy döwlete ugradyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda dostlukly ýurt bilen täze derejä çykarylýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde hususy işewürlere hem möhüm ornuň degişlidigine şaýatlyk edýär.

«Aýbölek» mebel kärhanasy täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýyl kärhana ýurdumyzyň orta mekdepleri üçin niýetlenen partalaryň 10 müňüsini hem-de oturgyçlaryň 20 müňüsini buýurma esasynda taýýarlady. Munuň özi hususyýetçileriň döwlet düzümleri bilen ygtybarly hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler