TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Halkara maglumat giňişliginde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmekmaksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň hem-de esasy halkara habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bu babatda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen maglumat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek üçin dürli ýurtlaryň daşary syýastta edaralary we habar beriş ulgamynda işleýän ýöriteleşdirilen düzümleri bilen degişli işler geçirilýär.

Şu işleri netijesinde mediýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli teklipler taýýarlandy.

Hususan-da, ýurdumyzda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine öz wagtynda, yzygiderli we guramaçylykly ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edilýär.

Halkara habarlar merkeziniň işini şu esasy wezipelere gönükdirmek meýilleşdirilýär:

  • Türkmenistan baradaky maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek
  • dünýädäki syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmek
  • halkara derejesinde işleýän habar beriş agentlikeri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak.

Türkmenistan ýakyn, goňşy we iri sebit döwletleri bilen habarçylary alyşmak we agentlikler arasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatda işler dowam edýär.

2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň, habar agentlikleriniň wekilhanalary açmak barada degişli işler alnyp barylýar.

 

Täze ýylda awtobuslar mugt bolar

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle