BILIM

Türkmenistanda halkara bilim olimpiadalary geçiriler

Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly olimpiadalary geçirmek barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen hasabata laýyklykda, ýurdumyz tarapyndan birnäçe halkara olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şoňa laýyklykda:

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň 2-nji açyk matematika olimpiadasyny,
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny,
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehaniki dersi boýunça 1-nji açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Öňümizdäki halkara olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Türkmenistanda 2300 tonna pile öndüriler

Ýene-de okaň

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!

“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy ýakynda başlaýar

Türkmen talyby GDA-nyň “Iň gowy talyby” diýlip yglan edildi

Türkiýede uniwersitetlerde üç aýlyk tomus dynç alşy ýatyrylýar

Türkmenistanda «durmuş gullugy» hünäri täze hil derejesine geçýär