TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy

Gök­de­pe met­ji­din­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum döw­let Baş­tu­ta­ny Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­niň sa­da­ka­sy be­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gök­de­pe met­ji­di­ne gel­di we bu ýer­de ge­çi­ril­ýän sa­da­ka gat­naş­mak üçin ge­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si bi­len gür­rüň­deş bo­lup, özü­niň BAE-niň mer­hum Pre­zi­den­ti­niň ara­dan çyk­ma­gy ze­rar­ly ge­çi­ri­len ha­ty­ra çä­re­le­ri­ne gat­na­şan­dy­gy­ny we ýur­du­myz­da Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­ni ge­çir­mek ba­ra­da ra­zy­lyk alan­dy­gy­ny aý­dyp, şu gün mer­hu­my ha­ty­ra­lap, sa­da­ka­la­ryň be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Dost­luk­ly ýur­duň il­çi­si BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­ne bil­di­ril­ýän ha­ty­ra üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, bu çöz­gü­diň be­lent yn­san­per­wer­li­giň ny­şa­ny­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy.

Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň ara­dan çyk­ma­gy di­ňe bir bu ýur­duň hal­ky üçin däl, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin hem uly ýit­gi bol­dy. Ol ýa­şan ma­ny­ly öm­rün­de ha­ýyr­ly we yn­san­per­wer iş­le­ri bi­tir­di, tu­tuş ys­lam dün­ýä­sin­de öç­me­jek yz goý­dy di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy.

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum Pre­zi­den­ti­niň paý­tag­ty­myz­da­ky met­ji­diň, Döw­let­li­ler köş­gü­niň, «Ene mäh­ri» hemde Hal­ka­ra iç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gyn­da, Arç­man şy­pa­ha­na­sy­nyň döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gin­de, Ma­ry­da ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da, Ma­ry­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn uly ta­gal­la­sy bar. Ol paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gü­ne yzy­gi­der­li ha­ýyr-sa­ha­wat gol­daw­la­ry­ny ber­ýär­di. Hal­ky­myz hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň, dostdo­gan­ly­gyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan bu iş­le­ri he­mi­şe ýag­şy­lyk­da ýat­la­ýar.

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne te­bä­rek çy­kyp ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Ýur­du­my­zyň müf­tü­si te­bä­rek çyk­dy, soň­ra na­har çe­kil­di.

Kö­şi­dä­ki met­jit­de hem BAE-niň mer­hum Pre­zi­den­ti­ni ha­ty­ra­lap, sa­da­ka be­ril­di. Şol bir wag­tyň özün­de paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gün­de mer­hu­my ýat­lap, gü­nor­tan­lyk na­ha­ry be­ril­di.

 

 

Türkmen-owgan serhedinde galla terminaly gurlar

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri