BIZNES

Türkmenistanda 24 desga hususylaşdyrylar

Şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada ýerli metbugatda degişli bildiriş çap edildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu bäsleşikli söwda geçiriler. Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Suw hojalygy komitetiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Lebap, Daşoguz hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylýar.

Bu bäsleşikli söwdada kesgitlenen iň ýokary başlangyç bahaly desga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumydyr. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolup, 2018-nji ýylda gurlan bu desganyň başlangyç bahasy 60,7 million manatdyr.

Iň pes kesgitlenen başlangyç bahaly desga “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň 9-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň naharhanasy bolup, onuň bahasy 19,1 müň manat.

Bu barada degişli maglumat www.fineconomic.gov.tm internet salgysynda hem ýerleşdirildi.

 

Beýik Britaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder