BIZNES

Türkmenistanda 2300 tonna pile öndüriler

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek we piläniň öndürilişini artdyrmak hem-de ýokary hilli ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadyny pugtalandyrmak we öndürilýän mukdaryny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda tut nahallarynyň ekilýän meýdanyny giňeltmek üçin zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglanyşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzda 2 müň 100 tonna pile öndürildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulypdy.

 

Hökümetara türkmen-türk toparynyň onlaýn duşuşygy geçiriler

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler