TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-ÝUNESKO – 30 ýyl hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygy hem-de Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

Bu Konwensiýanyň çäklerinde 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenabat şäheriniň Medeniýet oýünde gurnalan maslahatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özüniň oňyn netijelerini berýändigi bellenildi. Şeýle hem çäräniň çäklerinde “Çapaklar çalynsyn bagtyýar ilde” atly folkor konserti geçirildi. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolsa, «Kilim – milli sungatyň täsin nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda medeni baýlyklarymyzyň biri bolan kilim barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem «Türkmenistan- ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar» atly burçy açmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygy hem-de Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli çäreler toplumy ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam eder. Çäreleriň jemleýjisini bolsa, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şu ýylyň oktýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle