TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi işewürler geňeşi dörediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Ministler Kabinetiniň mejlisinde mälim edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli esasda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, duşuşyklar we geňeşmeler, hususan-da, Türkmenistan —–Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki we Parlamentara komitetleriniň ugry boýunça duşuşyklar geçirilýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ileri tutulýan ugurlar boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamyndaky gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 1-nji iýulynda Daşkent şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ýokary derejeli syýasy we howpsuzlyk dialogynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Mundan başga-da, goňşy Owganystanda durnuklylygy gazanmak ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm hasaplanylýar. Munuň özi sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň wajyp meseleleriniň biridir.

ENERGETIKA WE ALTERNATIW ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Şunuň bilen birlikde, energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Şunda şu ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen maslahatlaşmalaryň jemleri boýunça beýan edilen teklipleri bellemek gerek. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini durmuşa geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň, Energetika boýunça Ýewropa Komissarynyň edarasynyň we Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) arasynda üçtaraplaýyn dialogy geçirmek teklip edilýär.

Pes uglerodly we wodorod energetika ulgamlarynda tejribe alyşmak maksady bilen, Ýewropanyň “ýaşyl» ýörelgesi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wodorod we metan strategiýalary boýunça ylmy-amaly maslahaty guramak teklip edilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli “tegelek stolunyň” başynda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda alnyp barylýan işlere uly itergi berer.

SANLY ULGAMDA HYZMATDAŞLYK

Kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki degişli çäreler geçirilýär. Ýewropa döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribesini ulgamlaýyn öwrenmek we özleşdirmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde ýurdumyzda Ýewropanyň maglumat we sanly tehnologiýalar merkezini açmak mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.

IŞEWÜRLER GEŇEŞI DÖREDILER

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň söwda-maýa goýum ulgamynda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürler geňeşini döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Ýewropa Bileleşiginiň mümkinçiliklerini ulanyp, Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meseleleri bilen bagly okuw maslahatlarynyň ulgamyny döretmek teklip edilýär.

Ulag we aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şundan ugur alyp, ulag boýunça Ýewropa Komissarynyň edarasy bilen ysnyşykly işi ýola goýmak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylmagy maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ammiak selitra döküni Özbegistandan satyn alnar

 

Ýene-de okaň

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle