DÜNÝÄ

Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady forumyny gatnaşýar

Türkmenistan döwletimiz Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriljek ilkinji Ýewropa Bileleşigi (ÝB) — Merkezi Aziýa ykdysady forumyna ýokary derejede wekilçilik eder.

Türkmenistandan bu foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol gekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji ykdysady forumyna gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Ýewropa Bileleşiginden bu foruma Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň premýer-ministrleri derejesinde geçiriljek Forumyň gün tertibi ykdysadyýetiň «ýaşyl dikeldilişi», iş gurşawyny kämilleşdirmek we sanlylaşdyrma ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar. Energetika, maliýe, syýahatçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda aýry-aýry mejlisler gurnalar.

Foruma diňe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň wekilleriniň däl, eýsem beýleki ýurtlaryň köpsanly wekiller toparynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Geljekde forum Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlarynda nobatma-nobat geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik toguny alýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar