DÜNÝÄ

Türkmenistan we Beýik Britaniýa: önjeýli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur britan tebigatçysy ser Dewid Attenboronyň “Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş” atly dokumental filminiň görkezilişi boldy.

Çärede Beýik Britaniýanyň Ilçisi hanym Lýusiýa Uaýld söz sözläp, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň aýawly saklanmagy ýaly meseleleriň biziň ählimiz üçin wajypdygyny belledi. Britan diplomaty bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn üns berlip, bu ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasy jemgyýetiň we tebigatyň ösüşini sazlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Kinoteatryň foýesinde ekologiýa bagyşlanan suratlaryň sergisi hem guraldy. Çärä paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

 

Wladimir Putinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Ýene-de okaň

Türkmen-owgan döwlet serhedindäki gümrük nokadynyň durky täzelener

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Çilimi gadagan eden ilkinji ýurt

Ata Watan Eserleri

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri