JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan «Sputnik Laýt» rus sanjymyny hasaba aldy

2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we degişli şahadatnamany berdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrli habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Sputnik Laýt» dünýäniň 15-den gowrak ýurtlarynda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletlerde bu serişdäni bellige alyş amallary dowam edýär. GMgRG şeýle-de bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtlarda önümçiliginiň hem meýilleşdirilendigini habar berýär. Hususan-da, ýakyn wagtda Sputnik Laýt» sanjymy Hindistanda, Hytaýda, Günorta Koreýada, Wýetnamda, Meksikada, Argentinada, Serbiýada we Türkiýede öndürilip başlanar.

Türkmenistan mundan ozal, Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Sputnik V”, “Epiwakkorona” ýaly sanjymlaryny hem hasaba alypdy.

 

Spreý koronawirusdan gorap biler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi