TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – sport ýurdy

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.

Sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, ulgamyň düzümine ylmyň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Diňe Diýarymyzyň şäherlerinde däl-de, eýsem, obalarda hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Paýtagtymyzyň bezegine we buýsanjymyza öwrülen Olimpiýa şäherjiginiň bolsa sebitde deňi-taýy ýokdur. Toplumyň ähli desgalary özboluşly bezeg keşbi bilen tapawutlanýar, onuň esasy nyşany – baş meýdanyň depesinde seleňläp görünýän bedewiň çeper—monumental keşbi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Golf-kluby, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly döwrebap sport toplumlary, awtodromlar, ýaht-klublar, fitnes-merkezler, beýleki ugurdaş desgalar iň gowy dünýä nusgalary esasynda guruldy.

Ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär. Munuň özi türkmen sportunyň abraýyny ýokary derejä çykarmaga, sport okuw-terbiýeçilik işini hem-de dürli ugurlar boýunça milli halypaçylyk mekdebini ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bularyň hemmesi täze zehinleri ýüze çykarmaga we geljekki olimpiýaçylary ýetişdirmäge ýardam edýär.

Halkara Olimpiýa komiteti hem-de Sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanda sportuň ençeme görnüşleri, şol sanda awtomobil, suwdaky görnüşleri, hokkeý we buzda typmak, kerling, bouling, bilýard ýaly ýurdumyz üçin täze görnüşleri ösdürilýär.

Milli atçylyk sportuny dünýä giňişligine çykarmak üçin hem uly işler geçirilýär. Milli atçylyk pudagy täze belentlige çykdy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, türkmen atçylyk mekdebini ilerletmek boýunça düýpli çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamany kabul etmegi hem sporty ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde ýurdumyzyň üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň türgenlerimiziň Bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy giňelýär. Türkmenistanyň ýokary derejeli sport ýaryşlaryny guraýjy ýurtlarynyň hataryna girmegi has-da bellärliklidir.

Muňa bolsa, elbetde, 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary aýdyň mysalydyr. “Ýüpek ýoly-2009” ýaryşyny, “Amul-Hazar” halkara awtorallisini hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny görkezmek bolar.

Türkmenistanyň aýratyn howa-klimat şertlerine garap, sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleri boýunça Sport toplumy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolsa uly göwrümli buz meýdançalaryndan ybarat bolan köpugurly sport toplumy guruldy. Ýurdumyzda hokkeý boýunça milli çempionat oýunlary indi birnäçe ýyl bäri geçirilýär, şeýle hem sportyň figuralaýyn buzda typmak we şort-trek ýaly görnüşleri ösdürilýär.

Dünýä ýüzünde özüniň Bitaraplygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ynsanperwerligi, asudalygy, ägirt uly gaz gorlaryna baýlygy, ykdysady mümkinçilikleriniň köplügi we ykdysady görkezijileriniň ýokarylygy bilen tanalýan Türkmenistan bu gün özüniň sport babatda hem uly üstünlikleri gazanmaga ukyplydygyny, dünýä ýüzünde sport bilen hem tanalýandygyny subut etdi.

Penamyrat Myradow, TOHU-nyñ talyby.

 

Halkara sport güni

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle