TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan Sankt-Peterburgda söwda öýüni açar

Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem Russiýanyň iri şäheriniň wekiliýeti birnäçe möhüm gepleşikleri geçirdi.

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow “78” teleýaýlymynyň “Peterburg. Täze garaýyş” atly gepleşige gatnaşyp, Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň hem-de haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy ugrunda möhüm ädimleriň ädilendigini belledi.

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredow we S.Berdimuhamedow bilen duşuşyklar geçirdi.

“Türkmenistan – Russiýanyň strategik hyzmatdaşy. Iki ýurduň Prezidentleri 2017-nji ýylda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekdiler. Saparyň çäklerinde diňe diplomatik däl-de, eýsem ykdysady meseleler hem maslahatlaşyldy” – diýip, Beglow belledi.  Geçirilen duşuşyklaryň birnäçe geljegi möhüm ugurlar boýunça pikir alşyldy. “Türkmenistanyň paýtagtynda metro gurluşygyna giriş meýilleşdirilýär. Bu barada pikir alyşmalar geçirmegiň talabalaýyk boljakdygy bellenildi” – dýiip, gubernator belläp, Peterburgyň hünärmenleri dürli topraklarda, şol sanda iň çylşyrymly ýagdaýlar tunnelleri we stansiýalary dizaýn etmekde uly tejribä eýedigini aýtdy.

“AŞGABAT-SITI” TASLAMASYNA GATNAŞYLMAGY SEREDILÝÄR         

Onuň aýtmagyna görä, Peterburgyň Türkmenistanda, Türkmenistanyň Peterburgda söwda öýüni açylmagy meýileşdirilýär. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Peterburg kompaniýalary Türkmenistanyň ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işlerini dowam etdirýärler, ýaşyl zolaklary we sil suwlaryndan goramak boýunça desgalary döretmäge gatnaşýarlar. Sankt-Peterburg gurluşykçylarynyň täze “Aşgabat-siti” şäherçesini döretmäge gatnaşmagy baradaky meselä seredilýär.

 GÄMI GURLUŞYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK             

PeterburgYŇ gämi gurluşykçylary Türkmenistana kompozit materiallardan gämi öndürmäge kömek edýär. Saparyň dowamynda Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

SAGLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR     

Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Türkmenistana rus sanjymlary iberilýär. Öňdebaryjy lukmanlaryň we sanitarlaryň arasynda wideomaslahatlar yzygiderli geçirilýär. Almazowa adyndaky milli lukmançylyk merkezi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşyga gol çekişmek meýilleşdirilýär.

Dubaýda «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi açyldy

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle