TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan-Russiýa: haryt dolanyşygy 1 mlrd dollardan geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan-Russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr.

Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmen statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň 8 aýynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Şunuň bilen bilelikde, özara iberilen harytlaryň sanawynyň yzygiderli giňelýändigi bellenildi. Munuň özi bolsa hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym-bilim we medeniýet hem-de saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňüne golaýynyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistan Hazar sammitini ýüzbe-ýüz geçirmegi zerur hasaplaýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle