TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan-Özbegistan: serhetýaka söwda ýola goýlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, goňşy döwletler, hususan-da, Özbegistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen serhetýaka Söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlar baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi garamagyndaky düzümler bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barýar.

Şol sanda serhetýaka söwda zolagynyň, ugurdaş desgalaryň meýdanyny we ýerleşjek ýeriniň çäklerini kesgitlemek, olary ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamak, halkara hem-de sebit lomaý söwdasy, harytlaryň geçişi, gözegçiligi baradaky düzgünler hakyndaky Tertibiň taslamalaryny milli kanunçylygymyza laýyklykda işläp düzmek hem-de beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistana 450,6 million dollarlyk önüm eksport etdi. Şol bir wagtyň özünde Özbegistan Türkmenistana 175,5 million dollarlyk haryt iberdi. Şeýlelikde, goňşy ýurtlaryň daşary söwda dolanyşygy 626,1 million dollar boldy. Şeýle deslapky maglumatlar Özbegistan Respublikasynyň Döwlet statistika komiteti tarapyndan neşir edildi.

 

8-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle