DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystanda gepleşikler geçirýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilçilikli topary Owganystanyň Kabul şäherinde elektrik energetikasy taslamalary boýunça gepleşikler geçirýär. Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Berlen maglumatlara görä, gepleşikleriň barşynda Türkmenistan-Owganistan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi, “Nur-ul-Jahad” stansiýasy we beýleki elektrik taslamalarynyň hukuk we tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşylýar.

3 gün dowam edýän bilelikdäki gepleşiklerde “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hafiz Mohammad Amin Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny belläp, elektrik energetikasy boýunça taslamalary çaltlandyryljakdygyny belledi. Şeýle hem ol TOP we “Nur-ul-Jahad” stansiýasy taslamalary boýunça ýol kartasynyň düzüljekdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan-Owganistan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi taslamasy boýunça müdiri Myrat Artykow türkmen wekiliýetiniň saparynyň maksadynyň Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Türkmen tarapy Türkmenistan-Owganistan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi, “Nur-ul-Jahad” stansiýasy we Kerki-Andhoý-Kabul taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.

Bu gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar özara ähtnama gol çekerler.

 

Ýaponiýa Afrika sanjym berýär

Ýene-de okaň

Gazagystanda 2026-njy ýyl “Sanlylaşdyrma we emeli aň” ýyly diýlip yglan edildi

Tokioda auksionda tunes balygy $3,2 milliona satyldy

Azerbaýjan 2026-njy ýylda birnäçe halkara çäreleri kabul eder

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygy kabul etdi

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy