DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini gowşurdy

Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi.

Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi.

Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi.

Owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek, köp ýyllaryň dowamynda Türkmen döwleti tarapyndan amala aşyrylýan Owganystana yzygiderli goldaw bermegiň möhüm ugurlarynyň biridir.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlaryň günleri we wagtlary

Related posts

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝB-niň ilçisi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri