DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy

Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.

ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Owganystandaky häzirki ýagdaýlar we halkara jemgyýetçiliginiň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegindäki tagallalary babatda pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy ýakyn goňşy döwlet hökmünde, Türkmenistan üçin syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer nukdaýnazardan Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagynyň özi üçin gönüden-göni täsire we aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy hem-de durmuş ulgamynyň durnuklylygyny, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belläp geçdi.

 

Owganystan boýunça ministrleriň duşuşygy

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy