DÜNÝÄ

Türkmenistan owgan tarapy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar.

Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sanitariýa-epidemiýa kadalaryna laýyklykda, «Ymamnazar-Akina» gümrük gözegçilik nokadynyň işini güýçlendirmäge ylalaşdylar. Ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan tarapy zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek babatda türkmen tarapynyň dostlukly goldawyny kanagatlanma bilen kabul etdi.

 

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýlaryň çalt kadalaşdyrylmagynyň tarapdary

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi