TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Migrasiýa meseleleri boýunça Global Foruma gatnaşar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nobatdaky duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde 2022-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalarynyň meýilnamasynyň» amala aşyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen, adam söwdasyna garşy göreşmek hem-de migrantlara ýardam bermek, şeýle-de tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleriň dolandyrylmagy özara hereketleriň derwaýys ugurlary hökmünde bellenildi.

Mundan başga-da, özaragatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. «MHG-ni ösdürmek gaznasyny» goldamagyň derwaýyslygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň milli bölegini durmuşa geçirmek arkaly MHG-nyň dürli ähmiýetli sebitleýin taslamalaryna işjeň gatnaşýar.

Howpsuz, kadalaşdyrylýan we hukuk migrasiýasy hakyndaky Global şertnamanyň kabul edilmeginiň öz wagtyndalygy beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, W.Hajiýew Türkmenistanda Migrasiýa hakyndaky Global şertnama boýunça Meýletin milli synyň taýýarlanylandygyny hem-de onuň MHG-na we ESKATO ugradylandygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti MGŞ-nyň ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça ESKATO-nyň Sebitleýin maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde hasabatyny beýan etdi.

Türkmen tarapy şonuň ýaly-da, şu ýylyň 17-20-nji maýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek Migrasiýa meseleleri boýunça Global Forumyň işine gatnaşmagy hem göz öňünde tutýandygy barada habar berdi.

 

 

Dehistan – ösen medeniýetiň göwheri

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle