BIZNES

Türkmenistan Londonda maýa goýum forumyny geçirer

Şu ýylyň 2-3-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi” atly halkara forumy geçiriler. Bu möhüm halkara forumyň guramaçy hökmünde “Nielsonsmith” kompaniýasy çykyş edýär.

“orient.tm” internet neşirinde hem beýan edilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar ýurduň ykdysadyýetiniň alty esasy pudagynda – nebitgaz, senagat, telekommunikasiýa, himiýa, energetika we gurluşyk pudagynda täjirçilik mümkinçilikleri barada doly maglumat alarlar.

Bu foruma gatnaşyjylar täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmak mümkinçilikleri babatda özara pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Forum analitikleri we bilermenleri, halkara kompaniýalarynyň wekillerini we Türkmenistanyň wekilleri bir platformada jemlemek maksady bilen geçirilýär.

Forum, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen işewür gatnaşyklar döretmek hem-de tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik açýar.

Forum barada has köp maglumat almak hem-de oňa hasaba durmak üçin forumyň resmi internet saýtyndan maglumat almak bolar.

 

5-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azizi Group kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy

Türkmenistan-Awstriýa: Bitarap döwletleriň dostlukly hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dabaraly açyldy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistan bilen “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan gazdan benzin öndürmek boýunça dünýä nusgalyk taslamanyň ikinji tapgyryny işe girizer