TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ähli döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bitarap Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlary bilen özara döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl doldy. Ine, şu döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-koreý gatnaşyklarynda parlamentara gatnaşyklara hem uly üns berilýär.

Şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmaga uly itergi berer.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Hususan-da, iki ýurt 2008-nji ýyldan bäri özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda daşary syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. 2014-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlary Türkmenistanda saparda boldular. Gahryman Arkadagymyz hem 2008-nji we 2015-nji ýyllarda Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bilelikdäki hökümetara toparlaryň hem-de işewürlik geňeşleriniň alyp barýan işleri esasynda ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň nyşanydyr.

Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny utgaşdyrmak esasynda yklymda özara arabaglanyşygy güýçlendirýär.

Birnäçe ýyllaryň dowamynda koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşmagyndaky iri taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny bina etmek taslamalary boldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri Koreýa Respublikasynda geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Öz gezeginde, koreý tarapynyň wekilleri hem biziň ýurdumyzda guralýan ylmy-amaly maslahatlara, festiwallara we beýleki dabaralara işjeň gatnaşýarlar.

Umuman, iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Gahryman Arkagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak sapary bilen döwletara gatnaşyklarynda täze ugruň parlamentara gatnaşyklaryň has-da pugtlandyrylmagyna uly itergi berer.

Handurdy Begnazarow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle