DÜNÝÄ

Türkmenistan-Kolumbiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz Gutlagynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ösüşe we abadançylyga gönükdirilendigini, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Iwan Duke Markese berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kolumbiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Türkmenistandan Nikaragua gutlag haty

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy