JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Hytaýdan “COVID-19” sanjymyny satyn alar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Hytaýdan “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym satyn alar. Bu barada hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi.

“orient.tm” internet neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Hytaýyň “China National Biotec Group Company Limited” kompaniýasyndan koronawirus ýokanjyna garşy 1,5 million doza sanjym satyn alar.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli resminama gol çekmek bilen döwletimiziň halkyň saglygyny goramak üçin ähli zerur serişdeleri gönükdirjekdigini belledi.

Milli Liderimiz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan goşmaça öňüni alyş çärelerini hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagynyň wagtlaýyn tertibi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, maý aýynda hem “COVID-19” ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň “Sinovac” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirilipdi.

28-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi