TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogyna gatnaşdy

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.

Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaýşankaryň ýolbaçylygynda geçirilýän duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.

Duşuşykda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialoga köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we dürli sebitara hem-de halkara meseleler boýunça pikir alyşmak üçin täsirli platforma hökmünde ýokary baha berildi. Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň sebitdäki parahatçylyga, howpsuzlyga, durnuklylyga, durnukly ykdysady ösüşe we sebitdäki gülläp ösüşe goşant goşýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow Merkezi Aziýa we Hindistan döwletleriniň arasynda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini aýtdy. Şeýle hem ministr, ilkinji nobatda farmasewtika, maglumat tehnologiýasy, oba hojalygy, energetika, dokma senagaty we ş.m. ýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiligiň bardygyny aýtdy.

Ministrler Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşdylar we ýurduň özygtyýarlylygyna, agzybirligine we territorial bitewiligine hormat goýulmagyny we içerki işlerine goşulmazlygy nygtap, ýurduň asuda, howpsuz we durnukly ösüşini goldaýandyklaryny tassykladylar.

Forumyň dowamynda bilim we ylym, saglygy goraýyş we lukmançylyk hyzmatdaşlygynda özara gyzyklanma bildirildi. COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy we koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde bilelikdäki hereketleri dowam etdirmegiň zerurlygy we onuň netijeleri bellendi.

Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda köp asyrlyk medeni we siwilizasiýa gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da güýçlendirmek üçin medeni we gumanitarynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Owganystanyň halkyna kömek etmegiň ýollaryny tapmaly

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle