DÜNÝÄ

Türkmenistan Hazar sammitini ýüzbe-ýüz geçirmegi zerur hasaplaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Hazar bäşliginiň çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge tayyardygyny tassyklady.

Türkmen tarapy dünýädäki ýeňil bolmadyk epidemiologik ýagdaý zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýa düşünmek bilen bu sammitiň ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmegi zerur hasaplaýar.

Munuň özi häzirki wagtda gün tertibinde durýan wajyp meselelere içgin seretmek zerurdygy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda durnuklylyk we howpsuzlyk, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Hazarda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bar.

Olardan başga-da, sammit Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny mümkinçilik döreder.

Zerur bolan ýagdaýynda, Türkmenistan sammiti guramak meseleleri boýunça içgin pikir alyşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekilini kabul etmäge taýýardyr.

 

Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi