DÜNÝÄ

Türkmenistan Halkara zähmet maslahatynyň sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny, şeýle hem Halkara zähmet guramasy bilen wajyp strategiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýyla çenli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çärelere esasy orun berilýär.

Şeýle hem geljek 30 ýylyň dowamyndaky her bir pudagyň wezipeleri kesgitlenen Türkmenistanda ýurdumyzy 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň kabul edilendigi barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda ýokarda gökezilen ilatyň zähmet, iş üpjünçiligi we durmuş goraglylygy ugrunda döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny nazarda tutmak bilen, Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň esasy we başga-da birnäçe konwensiýalaryna goşulmak üçin oňyn mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

 

Hytaý bilen Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny tassyklady

Ýene-de okaň

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi