TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyr

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahaty geçirilýär.  Oňa gatnaşyjylaryň 400-den gowragy hasaba alyndy. Şolaryň 170-den gowragy daşary ýurt kompaniýalarynyň, 90-a golaýy bolsa türkmen kärhanalarynyňdyr edaralarynyň wekilleridir.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan halkara Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynda: “Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit hem-de yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmegine örän jogapkärli çemeleşýär. Ýurdumyz milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar.” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mammethan Çakyýew okady.

Soňra forumyň plenar mejlisine geçildi. Ilkinji plenar mejlis “Pandemiýadan soňra ulag-logistika pudagynyň dikelmegi: täze çagyryşlar we mümkinçilikler” mowzugynda geçirildi. Bu plenar mejlisde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň direktory Döwran Saburow, BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili, ilçi Atageldi Haljanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat-seljerme müdirliginiň başlygy Serdar Durdyýew, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň müdiri Artur Andrisiak, Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollary guramasynyň wise-prezidenti Mortoza Jafari we Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Ýelena Agzamowa dagy çykyş etdiler.

Awtomobil ulaglary boýunça halkara bileleşiginiň Ýewraziýa boýunça hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Wadim Zaharenkonyň alyp barmagynda geçirilen bu plenar mejlisde ulag-logisitka ulgamynyň häzirki döwürde ähli pudaklar boýunça ähmiýete barada möhüm çykyşlar diňlenildi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň direktory Döwran Saburow öz çykyşynda Türkmenistanyň howa ulaglary boýunça mümkinçilikleri barada aýdyp, pandemiýa döwründe-de esasan hem ýük gatnawlarynyň amala aşyrylmagy üçin tagalla edilendigini belledi. Ol bu döwürde Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy we Ýewropa ýurtlary boýunça ýük gatnawlarynyň ýerine ýetirilendigini belläp geçdi.

Şeýle hem Saburow Türkmenistanyň awiasiýa ulgamynyň mümkinçilikleriň barha giňeldilýändigini belläp, soňky ýyllarda gurlan täze howa menzilleriniň sanynyň yzygiderli artýandygy bu ugurda Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän halkara taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine eýedigini belledi.

Beýleki çykyşlarda bolsa, Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriň ýygjamlaşdyrylmagy, ulag ulgamynyň ykdysady jahetden bähbitli taraplary barada gürrüňler edildi.

 

Aşgabatda halkara ulag forumy geçirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle