DÜNÝÄ

Türkmenistan: halkara uçar gatnawlary bölekleýin açylar

Türkmenistan BAE we Germaniýa halkara uçar gatnawlaryny ýola goýýar.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.

Şeýle hem dünýäde Kowid-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, BAE hem-de Germaniýanyň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede 1 gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu teklipleri makullady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan ýokary derejeli saparlara taýýarlyk görýär

ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Gazagystanda 2026-njy ýyl “Sanlylaşdyrma we emeli aň” ýyly diýlip yglan edildi

Tokioda auksionda tunes balygy $3,2 milliona satyldy

Azerbaýjan 2026-njy ýylda birnäçe halkara çäreleri kabul eder

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi