BIZNES

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa: demirýol ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistanyň ulag-logitiska merkeziniň, Gazagystanyň Demirýollary edarasynyň golçur kärhanasy bolan “KTZ Ekspress” ulag kompaniýasynyň hem-de Russiýanyň “RŽD Logistika” edarasynyň arasynda bilelikdäki demirýol hyzmatlaryny ösdürmek boýunça ähtnama gol çekildi. Bu barada Gazagystanyň Demirýollary edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Üç ýurduň degişli düzümleriniň arasynda gol çekilen ähtnama laýyklykda, taraplar halkara we üstaşyr ýök daşamalary babatda hyzmatdaşlyk ederler. Resminama laýyklykda, üçtaraplaýyn we üstaşyr gatnawlar arkaly yzygiderli ýük daşamalary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýük daşamalaryň halkara eksport-import möçberini artdyrmak, “Demirgazyk-Günorta” demirýol geçelgesi arkaly hyzmatdaşlyk mümkinçiligini ýokarlandyrmak, mundan başga-da, ulag-logistika infrastrukturalardan bilelikde peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Ylalaşylan ähtnama laýyklykda taraplar ýurtlaryň arasynda täze yzygiderli otly gatnawlaryny ösdürmek, şol sanda oba hojalyk we azyk önümleri üçin gysga möhletde eltmek arkaly demir ýol ugurlaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Ähtanmanyň çäginde “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiki täzelikler we bilelikdäki çözgütler giriziler.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi