DÜNÝÄ

Türkmenistan COP26 halkara forumyna gatnaşar

Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiň Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça (COP26) halkara maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan onlaýn duşuşykda bellenilip geçildi. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň web sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistan Hökümetiniň daşky gurşaw we howany goramak taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny goldamak babatda geçirilen onlaýn duşuşykda COP26 halkara maslahaty barada pikir alşyldy.

Onlaýn duşuşyga BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ilçisiniň orunbasary Jon Hamilton gatnaşdy.

Bu onlaýn duşuşykda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek howanyň üýtgemegine bagly halkara maslahata (COP26) Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşjakdygy mälim edildi. Türkmenistandan bu onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar sapara taýýarlyk görülýändigini belläp geçdiler.

COP26 halkara maslahaty 31-nji oktýabrda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde başlaýar we 12-nji noýabra çenli dowam edýär. Oňa dünýä köp sanly ýurdunyň döwlet Baştutanlary, bilermenler we wekiliýetler bilen birlikde 200-e golaý ýurduň wekilleriniň (30 müňden gowrak adamyň) gatnaşmagyna garaşylýar.

Glazgoda dünýä liderleriniň duşuşygy 1-2-nji noýabrda meýilleşdirilýär. Sammitiň dowamynda hapa gazlaryň zyňyndylaryny azaltmagy gazanmak babatda birnäçe resminamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.

 

“Rönesans Holding” Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy