DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

W.Hajiýew iki ýurduň arasynda sebitleýin integrasiýasy nukdaýnazaryndan hem özara söwdanyň we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.

M.Safari ähmiýeti has hem ösýän EYR-niň Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşamalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hem-de nebit, gaz we elektroenergiýa, üstaşyr geçelgeleri pudaklarynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

 

“AÅŸgabat. Taryhyň bir döwri” kitaby tanyÅŸdyryldy

Related posts

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Aşgabat halkara forumlara gatnaşýan myhmanlary garşylaýar

Ata Watan Eserleri

Käbir ýurtlar bilen hökümetara toparynyň düzümi tassyklandy