BIZNES

Türkmenistan bilen Bütindünýä banky karz ylalaşygyna gol çekişdi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ýan Peter Oltersiň we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskurýakowanyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu duşuşygyň maksady, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Covid-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça Bütindünýä bankyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda» degişli kararyny ýerine ýetirmekden hem-de Bank bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ýan Peter Olters tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä bankynyň Halkara täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda karz almak barada Karz ylalaşygyna gol çekildi.

Bu resminama laýyklykda, Türkmenistana 20 million dollar möçberinde karz serişdeleri berler. Ol hem koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdiriler.

Tokio-2020: Russiýa ikinji we üçünji altyn medalyny gazandy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar