DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigi bellenildi. Şonuň ýaly-da ýokary derejedäki özara hereketleriň döwletara gatnaşyklarynyň has hem ilerledilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýyslygyny bellediler. Halkara guramalarynyň, şol sanda BMG, YHG we beýlekileriň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn ähmiýet berildi hem-de bu düzümlerde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň wajyplygy beýan edildi.

Häzirki döwrüň wehimleri we howplary barada gürrüň etmek etmek bilen, taraplar global pandemiýa garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Öň gol çekilen resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn döwür içinde durmuşa geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alyşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işjeň häsiýete eýe bolan hereketiniň goldanylmagy baradaky pikiri orta atdylar.

 

Türkmen wekiliýetiniň BAE sapary

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy