TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmenistan Aziýanyň Kubogynda çärýek finalda

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) taryhy netije gazanyp, Aziýanyň Kubogynyň iň güýçli ýygyndylarynyň sekizligine düşmegi başardy. Ýaşlar ýygyndymyz arzyly üstünlige şu gün Kataryň ýygyndy topary bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanyndan soň gazanmagy başardy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Begençmyrat Myradow (76, 82) tapawutlanmagyň hötdesinden geldi. Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň hem-de Eýranyň ýygyndy toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Şeýlelikde, üç tapgyryň jemi boýunça 7 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndysy «A» toparçada birinji, 4 utuk toplan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bolsa ikinji orny eýelediler. Iki utukdan toplan Eýranyň hem-de Kataryň ýygyndy toparlary degişlilikde üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Toparçalaýyn bäsleşigiň jemi boýunça şowly çykyş eden Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy çärýekfinalda “B” toparçanyň ýeňijisi Awstraliýanyň ýygyndy topary bilen duşuşar. Beýleki çärýekfinalda Özbegistanyň hem-de Yragyň ýygyndy toparlary duşuşarlar. Çärýekfinal duşuşyklarynyň ikisi hem 11-nji iýunda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry Özbegistanda dowam edýär.

Aziýa Kubogynyň çärýekfinalynyň duşuşyklary 11-12-nji, ýarym final 15-nji, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji, final oýny bolsa 19-njy iýunda geçiriler.

 

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gazagystandaky gepleşikleri

 

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle